“ARKADAGLY ÝAŞLAR ÖŇE BARÝAR” ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 16-na Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli, bu baýramy guramaçylykly geçirmek maksady bilen ýerlerde ýaşlaryň arasynda dürli hili partlaýjy serişdeleri, ýangyn-howply maddalary ulanmazlyk şeýle hem onuň öňüne almaklyk hem-de umumy howpsuzlyk çärelerini berk berjaý etmek barada Halaç etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwriniň kämil ýaşlary – bagtyýar geljegiň binýady” ady bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.Wagyz nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni G.Wellekow, Halaç etrap bilim bölüminiň hünärmeni H.Haýdarow, Halaç etrap polisiýasynyň KÝÝeIBB-niň gözegçisi B.Öwlýagulyýew dagylar çykyş etdiler.