XII-XIII asyrlarda Italiýada galdyrylan ýazgylar şol wagt tennis oýnunyň bolandygyny subut edýär. Şol döwürler bu oýun «jidoko» diýlip atlandyrylypdyr we onda ele geýdirilen ellik, agaç taýaklar ýa-da deri guşaklar bilen topy urup gaýtarypdyrlar. XIV asyrda fransuz aristokratlary şu oýun bilen gyzyklanyp başlaýarlar. Bu bolsa häzirki zaman tennisiň ösüşine uly täsirini ýetiripdir. Ony ýapyk binalarda we açyk meýdançalarda oýnapdyrlar. Has soňrak häzirki zaman raketkalaryna meňzeş taýaklar bilen topy urup, oýnap başlapdyrlar. Oýun iňlislerde hem ykrar edilipdir we olar oňa «hakyky tennis» (real tennis) diýip at beripdirler.
Deriden ýasalan toplar şol döwürlerde agaç gyryndylary, esgiler, otlar bilen dykylyp doldurylypdyr. Şol sebäpden hem, olaryň diňe gaty örtükde bökmek mümkinçiligi bolupdyr.
Häzirki wagtda Türkmenistanda tennis oýnuny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan guralýan ýaryşlar sportuň bu görnüşiniň ähmiýetini has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär. Welaýatlarda tennis boýunça bölümleriň hereket etmegi bolsa täze zehinleri ýüze çykarmakda möhüm mazmuna eýedir.
Bu gün türkmenistanly tennisçiler halkara ýaryşlarynda mynasyp çykyş edýärler. Ýeri gelende bellesek, erkekler toparymyzyň Dewisiň kubogy, gyzlar toparymyzyň bolsa Halkara federasiýanyň kubogy ugrundaky ýaryşlara gatnaşyp, tejribelerini artdyrmaklary tennis boýunça milli mekdebimiziň öňünde täze mümkinçilikleri açýar.
Gurbantäç MUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynyň mugallymy.