“Hoş gal şanly ýylym-salam Täze ýylym!”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşda ýaşaýan türkmen halkymyzyň toýlary goşa-goşadan gelýär. Toýlary toýa ulaşýan asuda ýurdumyzda uludan toýlanýan baýramlaryň biri-de Täze ýyl baýramydyr. Her bir maşgalada Täze ýyl baýramçylygy şatlyk-şowhun bilen toýlanýar. Haýsy öýe baryp bosagasyndan ätleseň, öýüň içinde al-ýaşyl öwüsýän jäjekler bilen bezelen arça, gözüňi gamaşdyryp barýan zerlere gözüň düşýär.

Täze ýyl! Oňa biziň ählimiz gör, nähili sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Täze ýyl diýlende täze zatlaryň göz öňüne gelmegi ýöne ýerden däl. Çünki täze diýlen söz ynsanda täzeleniş duýgusyny oýarýar. Täze ýyl öz ýany bilen diňe täze arzuwlary getirýär. Täze sowgat, täze arzuw, täze bagt, täze durmuş getirýär. Mahlasy, her bir ynsan mydama täzelenişiň arzuwynda ýaşaýar. Kerwen gurap gelip-geçýän ýyllaryň aýlanyp, ýene-de täzelenip gelmegi adamlar üçin hasam begençli. Täze ýyl baýramçylygynyň gelmegine her bir adam täze garaýyş, täze pikir bilen howlugýar. Süýji arzuwlar her ynsanyň kalbyna ornaşýar. Sebäbi biz batly depginler bilen öňe barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hasam rowaçlanjak, belent sepgitlere ýetjek 2023-nji ýyla gadam basýarys. Ösüş-özgerişlere beslenen 2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyz bilen hoşlaşyp, täze ýylymyzy uly ruhubelentlik bilen garşy alýarys.

Bilşimiz ýaly, Täze ýyl baýramy mynasybetli ähli ýerlerinde uly ruhubelentlik bilen bellenilýär. Ýakynda, Täze ýyl baýramy mynasybetli Garagum etrap häkimligi, etrap jemgyýetçilik guramalary, etrap bilim we medeniýet bölümleriniň gurnamagynda etrabyň “Bagtyýar türkmen” toý mekanynda “Hoş gal şanly ýylym-salam Täze ýylym!” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda medeniýet bölüminiň çeper höwesjeňleriniň taýýarlan aýdym-sazlary, ýerine ýetiren tanslary çärä özboluşly bezeg çaýdy. Baýramçylyk mynasybetli aýdylan gutlaglarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda mydama asudalygyň höküm sürmegi, her bir maşgalada gülki sesleriniň aýdym bolup ýaňlanmagy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagy arzuw edildi.

 

Ogulbagt AMANMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Garagum etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

05 Sentýabr 2025 | 42 okalan

SPORT — SAGDYNLYGYŇ SAKASY

05 Sentýabr 2025 | 55 okalan

BILIM — BAGTLY GELJEGIŇ ÖZENI

04 Sentýabr 2025 | 60 okalan

AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI GEÇIRILDI