“HOŞ GELDIŇ TÄZE ÝYL, EZIZ DIÝARA!”

Ýyllardan-ýyllara, ösüşlerden-özgerişlere utgaşyp gelýän döwletimiz, hakykatdan hem bagtyýarlygyň Watany. Kuwwatly döwletimizde amala aşyrylýan işler aýratyn taryply sözlere mynasyp. Her bir ýyly üstünlikli jemläp, indiki geljek ýyly mynasyp zähmet gadamlary bilen garşylamak, indi biziň ilimizde özboluşly ýörelgä öwrüldi. Tamamlanyp barýan “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyz hem ajaýyp öňegidişlikleriň ençemesini ykbalymyza bagyş etdi. Ýylyň üstünlikli jemlenmegi, täze ýylyň belent ösüşlerine badalga bolup hyzmat edýär. Tamamlanýan ýylyň tutuma beslenen netijeleri bolsa, ýetip gelýän 2023-nji ýylymyzyň hem hoşniýetli başlangyçlara bat berjekdigini delillendirýär.

Bilşimiz ýaly, Täze ýyl hemmeleriň arzyly baýramy bolsa-da, oňa aýratyn begenip, uly ruhubelentlik bilen garaşýanlar çagalardyr. Täze ýyl arçasy, dürli öwüşginli oýunjaklar, Aýazbaba we Garpamyk olar üçin aýratyn many-mazmuna eýedir. Şonuň bilen birlikde, Täze ýyl sowgatlaryny almak çagalaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan ýakymly pursatlaryna öwrülýär. Çagalaryň şatlygy, buýsanjy we bagtyýarlygy şol dabaralarda has-da aýdyň äşgär bolýar.

Ine, şeýle ajaýyp pursady başdan geçirýän Mary etrabynyň 2-nji çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň hem ýüzlerinde şatlyk alamatlary, ýüreklerinde buýsanç bar. Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşi etrabyň 2-nji çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda “Hoş geldiň Täze ýyl, eziz Diýara!” ady bilen baýramçylyk çäresini geçirdi.  Baýramçylyk çäresinde belent ruha beslenen aýdym-sazly we joşgunly tansly çykyşlara orun berildi. Täze ýyly garşylamak dabarasyny gaýtalanmajak hem-de ýatda galyjy çärä öwrülen bu täsin baýramçylyk çäresi körpelerde uly täsir galdyrdy. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler belentden ýaňlandy.

 Mahlasy, halkymyz hoş günleriň goýnunda bagtyýar ýaşaýar. Hemmeleriň ýüreginde bolsa, ajaýyp döwrümize we beýik işleri amal edip, il-günümizi eşretli durmuşa eýe eden Arkadagly Serdarymyza bolan alkyşlar bar.

 

Abdylla HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar