Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 4-nji çagalar bagynda ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerini gazanmak, olaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen “Sport kämillige badalga” ady bilen çagalar bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynyň körpeleriniň gatnaşmagynda ýakyn aralyga ylgamak boýunça sport ýaryşy geçirildi.
Ýaryşda körpeler bellenen aralykda ylgamak boýunça öz aralarynda bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşda çagalar özleriniň güýç-kuwwatlaryny, beden taýdan sagdynlygyny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gyzgalaňly geçen ýaryş ýeňijileri öňe saýlady.
Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň mynasyp bilim-terbiýe almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy, göwnejaý dynç almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hojamyrat AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň başlygy.