Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň hem-de Baýramaly etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen Baýramaly etrabynyň 47-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda «Sport kämillige badalga» atly futbol boýunça sport bäsleşigi geçirildi. Sportuň futbol görnüşi boýunça geçirilen bäsleşik çekeleşikli hem-de işjeň häsiýete eýe boldy.
Ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek hem-de ýaş nesliň sporta we bedenterbiýä bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige «Watan» we «Bitarap» toparlary gatnaşdylar. Sporta höwesli ýaşlar sportuň futbol görnüşi boýunça özara bäsleşdiler. Gyzgalaňly geçen bäsleşikde «Bitarap» topary ýeňiji bolup, olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň adyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ösüp gelýän ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýgül DODYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.












