Ýakynda Mary welaýat häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň dowamynda bagşylar türkmen halk aýdymlaryny we halypa kompozitorlaryň döreden saz eserlerini uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda guralan bu bäsleşik milli saz sungatymyzy ösdürmek we ýaş dutarçy bagşy sazandalarymyzy ýüze çykarmak maksady bilen geçirilip, örän çekeleşikli we täsirli boldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi ösdürmek, döredijilik işgärlerini goldamak we höweslendirmek ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Laçyn KAKAJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
Umumy bölüminiň müdiri.