“MILLI MIRAS — NESILLERE GÖRELDE” ATLY GEPLEŞIGIŇ TÄZE SANY ÝAZGY EDILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda “Milli miras — nesillere görelde” atly gepleşigiň täze sany ýazgy edildi.

Onda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durmuşa geçirilýän döwletli işler, ata-babalarymyzdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimiz, şeýle hem häzirki wagtda birnäçe senetlerimiziň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ýa-da hödürlenmegi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Mahym SELIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

12 Sentýabr 2025 | 41 okalan

MAŞGALA — JEMGYÝETIŇ BERK BINÝADY

12 Sentýabr 2025 | 43 okalan

MILLI SIRK SUNGATYMYZYŇ ÖSÜŞLERI