Ýaşlyk – bu adam ömrüniň iň joşgunly, arzuwlara baý, maksada okgunly, güýçli döwürleriniň biridir. Ýaşlygyň we ýaşlaryň güýji jemgyýetiň ösüşiniň hereketlendirijisi bolup, her bir döwletiň durnukly geljeginiň binýady hökmünde çykyş edýär. Şonuň üçin, dünýä ýurtlarynda, şol sanda ýurdumyzda hem ýaşlar syýasatyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýaşlar syýasaty näme we näme üçin möhüm?
Ýaşlar syýasaty – bu ýaşlaryň bilim almagy, iş bilen üpjünçiligi, döredijiliginiň ösdürilmegi, jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy we olaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi ugrunda alnyp barylýan döwlet çäreleriniň toplumy bolup durýar. Bu syýasat diňe bir ýaşlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň ylym-bilim, hünär taýdan ösmegi, ahlak taýdan kämilleşmegi we watansöýüjilik duýgularynyň berkemegi üçin hem giň mümkinçilik döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ýaşlaryna bolan ynam, hormat we mümkinçilikler has-da giň gerime eýe boldy. Türkmenistanda ýaşlara gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar, kanunçylyk işleri we döwlet çäreleri durmuşa geçirilýär.«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen möhüm resminamadyr. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bolsa, ýaşlary jemgyýetçilik işlerine çekmekde uly orny eýeleýär.
Ýaşlyk – jogapkärçilik döwridir. Her bir ýaş özüni yzygiderli kämilleşdirmäge, jemgyýete peýda getirmäge, döwletine we milletine hyzmat etmäge borçlanýar. Her bir ýaş öz geljeginiň binagäri bolmak bilen bir hatarda, Watanyň ösüşine goşant goşýan zähmetsöýer, päk ýürekli, sowatly we döredijilikli şahs bolmalydyr.
Ýaşlary goldamak, olara mümkinçilik döretmek – geljege goýlan iň akylly maýa goýumydyr. Çünki bu günki ýaş – ertirki alym, ýolbaşçy, mugallym, binagär, lukman, kärhana ýolbaşçysy we ençeme ulgamyň öňbaşçysydyr. Şonuň üçin, ýaşlary Watana bolan söýgüsi bilen, bilim bilen, ruhy kämillik bilen ýetişdirmek halkyň we döwletiň mukaddes wezipesidir.
Serwi AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.