MEDENIÝET HALKYŇ KALBYDYR

Her bir güni ajaýyp dabaralara beslenýän toýlary-toýlara ulaşýan mähriban Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan ýylynda geçirilýän dabaralaryň gerimi has-da uly. Çünki, Oguzhan atamyzdan bize miras galan, bäş müň ýyllyk taryha eýe bolan, pederlerimiziň, ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin» diýip ömürboýy arzuw edip gelen Türkmen döwleti bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde gülleýär, gül açýar. Mähriban Watanymyzyň at-abraýy, mertebesi älem-jahana ýaň salýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet başyna geçen ilkinji gününden «Watan diňe halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen parasatly sözlerini özüne baş şygar edinip öz halkynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin yzygiderli alada edýär. Ýurdumyzda ähli pudaklar boýunça dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz esasanam öz halkynyň medeniýetli dynç almagy, ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy üçin taýsyz tagallalar edýär. Ine şu maksat bilenem ýurdumyzda birnäçe teatrlar, medeniýet köşkleri, oba medeniýet öýleri, çagalar sungat mekdepleri, kitaphanalar, muzeýler gurlup halkyň hyzmatyna hödürlenýär. Şu günki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şol medeni edaralar doly güýjünde halkymyza hyzmat edýär. Şeýle aladalar üçin medeniýet we sungat işgärleriniň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarynyň çägi ýok. Ine şu günler bolsa her ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň şygyryýet günleri we Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli eziz Diýarymyzda dürli medeni çärelere giň gerim berildi. Bu goşa baýramçylygyň bilelikde bellenilmeginde hem uly many bar. Çünki «Bu Türkmeniň goşa-goşa täji bar, Biri Magtymguly, biri goşa tar – diýip, türkmen halkynyň başynyň täjine deňeýän bu goşa gudrat geçmişde halkymyzyň gamly gününde hem, toýly gününde hem ruhy hemrasy bolupdyr. Akyldar atamyzyň şygyrlar diwanyny bir guba düýä çalyşan türkmen, şahyryň her bir setirini gyzyla gaplaýmaly ajaýyp şygyrlaryny halkymyzyň ömürlik hemrasy bolan gazma dutarynyň mylaýym, mahmal owazyna goşup, bagşylarymyzyň aýdan her bir aýdymyny dünýä malyna deňeýän halkymyz bu gün bäş dogan, bäş welaýat bolup agzybirlikde tutuş bir hepdeläp uludan toýlaýar. Biziň kitaphanamyzyň agzybir işgärleri bolup etrabymyzyň medeniýet we sungat işgärleri bilen bilelikde bu ajaýyp baýramçylyga uludan taýýarlyk görýäris. Gubadag şäher medeniýet merkeziniň aýdymçy-sazandalary bilen bilelikde ýerlerde, mekdeplerde, edara-kärhanalarda, gallaçy, pagtaçy, kärendeçileriň arasynda bolup ýygy-ýygydan duşuşyklary geçirýäris. Şol duşuşyklarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ähmiýeti, halkymyzyň ýeten belent sepgitleri barada giňişleýin gürrüň geçirýäris. Hormatly Prezidentimiziň biz kitaphana işgärleri barada edýän aladalary, kitaphana işini kämilleşdirmek barada kabul edilen döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti, ony ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüňler geçirýäris. Ine bu gün şol nurlanyp görünýän säher, şahyryň «Çoh garaşan ajap eýýamy» geldi. Bu gün bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyz mynasyp dowam edýär. Bizem medeniýet we sungat işgärleri bolup bilelikde öz ukyp başarnygymyzy, zehinimizi gaýgyrman Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerini wasp etmekde jan aýaman zähmet çekeris.

Şu pursatdan peýdalanyp medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik tutumly işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Altyn TAHYROWA,

Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher merkezi

kitaphanasynyň kitaphanaçysy: TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar