ÝAŞ ALYMLAR SYLAGLANDY

Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly mejlisler jaýynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň başynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň edebi-sazly kompozisiýa çykyşlaryna tomaşa etdiler. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Bäsleşik nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly, ylymda öňe sürülýän ugurlar boýunça geçirildi.

Bäsleşige ýaşlaryň 1 müň 665-si gatnaşyp, olaryň 118-si ýeňiji boldy. Şowhunly el çarpyşmalaryň astynda olara Şahadatnamalar, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň foýesinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň taýýarlan ylmy-taslama işleriniň sergisi hem guraldy.

Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Soňra bolsa, ylymlar güni mynasybetli medeniýet, sungat ussatlarynyň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly baýramçylyk konserti geçirildi.

Meňzeş habarlar