SAÝLAWLARA TAÝÝARLYK: OKUW MASLAHATLARY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleriniň çäklerinde, saýlaw çäreleriniň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri tarapyndan ýerlerde welaýat, etrap, şäher we okrug saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlary geçirdildi. Maslahatyň barşynda öňde boljak  saýlawlary guramaçylykly geçirmegiň tertibi, has takygy, saýlaw kanunçylygy, saýlawlarda hereket edýän saýlaw toparlarynyň ulgamy, welaýat, etrap, şäher, okrug saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary barada düşündirildi.

Şeýle-de, maslahatda 25-nji ýanwarda badalga alan dalaşgärleri hödürlemek we 4-nji fewraldan başlanan dalaşgärleri bellige almak möwsümi bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemegiň hem-de olary bellige almagyň tertibi we saýlaw resminamalarynyň görnüşleri barada giňişleýin düşünje berildi.

Okuw maslahatlarynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmagyň ýolundaky möhüm ädimdigini we oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ygtybarly binýat bolup durýandygyny nygtap, saýlaw toparlarynyň agzalary saýlaw möwsüminiň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Okuw maslahatlaryna gatnaşyjylar ýurdumyzda saýlawlary demokratik ýörelgelerimize laýyklykda geçirmeklige ähli şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.