Türkmenistanyň Konistitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaş harby gullukçylarynyň arasynda geçiriljek «WATAN WASPY – DILLERIMIZIŇ SENASY» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Turkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent üstünliklerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň eşretli, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda döredijilikli we halal zähmet çekmekleri üçin uly işleri durmuşa geçirýär.
Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ähli ugurlar boýunça zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna we aň-düşinje taýdan kemala gelmegine ýardam berilýär. Ýurdumyzda çuňňur bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetinden, medeniýetinden, jemgyýetçilik-durmuş ugurlaryndan oňat baş çykarýan, ökde ýaş hünärmenleri taýýarlamaga döwlet derejesinde şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda:
«Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmeli» diýip beren tabşyrygyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaş harby gullukçylarynyň arasynda «Watan waspy – dillerimiziň senasy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
I. BÄSLEŞIGIŇ MAKSADY:
Bäsleşigiň baş maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri giňden wasp etmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybaratdyr.
II. BÄSLEŞIGIŇ ŞERTLERI WE GEÇIŞ TERTIBI:
- Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan harby gullukçylar gatnaşyp bilerler.
- Bäsleşik döredijiligiň şu ugurlary – goşgulary we poemalary, publisistik makalalary we oçerkleri hem-de hekaýalary we oýlanmalary taýýarlamak boýunça geçirilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakyndaky aladalary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik işleridir özgertmeleri, nesil terbiýesi, ýaşlaryň durmuşy we gyzyklanmalary, Gümrük gullugynyň düzüminde alnyp barylýan döwrebap işleri wasp edip taýýarlanan döredijilik eserlerini 2023-nji ýylyň 10-njy maýyna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.
- Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Watan waspy – dillerimiziň senasy» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportynyň nusgasy, 3x4 ölçegdäki (4 sany) fotosuratlary, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysyny, telefon belgilerini) goşmalydyrlar.
- Bäsleşige hödürlenen işleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan eminler topary döredilýär.
- Bäsleşigiň jemleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli 2023-nji ýylyň maý aýynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Bäsleşigiň jemi baradaky maglumat customs.gov.tm hem-de yashlar.gov.tm elektron resmi saýtlarynda ýerleşdiriler.
Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli: Aşgabat şäheri, 744000,
Arçabil şaýoly, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, 138-nji jaý.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy: 39-41-65;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-79