Ýurdumyzda her ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Ynha şu 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy biz ýaşlarda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Bu hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýaşlar barada edilýän bimöçber aladanyň, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriliginden nyşandyr. Ýaşlaryň döwrebap bilimli, terbiýeli, aň-düşünjeli, ruhy-ahlak we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri baradaky meseleler döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Ýaňy ýakynda, ýagny, 2023-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň geçirilmegi we onda “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini we döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi biz ýaşlarda aýratyn hyjuw döretdi. Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher hem-de etrap Geňeşleri bilen bilelikde ýaşlaryň howandary, ýaşlaryň durmuş mekdebi bolan Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerini, hem-de hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerini, ýurdumyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyny halkymyzyň arasynda wagyz etmekde, ýaşlary ata-babalarymyzdan gelýän milli ruhda, ýokary ahlak derejede terbiýelemekde birnäçe möhüm ähmiýetli işleri yzygiderli durmuşa geçirýäris. Ýaşlaryň Watana, harby borja wepaly bolmaklary, göbek ganyň daman mukaddes topragyňy gözüň göreji deý gorap saklamaklaryny gazanmak maksady bilen, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda hem-de harby bölümlerde ýörite meýilnamalar esasynda geçirilýän çäreler we bu ugurda Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň biz ýaşlar üçin döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde, durmuşa geçirilýän işler bimöçberdir. Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri bilen bilelikde ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary üçin döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, Watanymyzyň abraýyny mundan beýläk-de beýgeltmek, Watanymyzyň şu güni, ertiri we geljegi bolan ýaşlaryň kämil bilimli, beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri, hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän ynamyny ödemekleri üçin jan aýaman zähmet çekeris.
Akmyrat NIKOLAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.