TÜRKMENISTAN — BMG: parahatçylyk we ählumumy howpsuzlyk

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we iş sapary bilen paýtagtymyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda gepleşikler geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtdaTürkmenistan bilen BMG-niň özara gatnaşyklarynyň gün tertibinde durnukly ulag, energiýa howpsuzlygy, terrorçylyga garşy göreşmek, ýaragsyzlanmak, Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmek ýaly strategiki ugurlar durýar. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk uzakmöhletleýin häsiýete eýedir, ol yzygiderli esasda, ahyrky netije babatda meňzeş ýörelgeler hem-de garaýyşlar esasynda alnyp barylýar.

 BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk hem-de häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde dünýä bileleşiginiň köp ugurly tagallalaryna goşant goşmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Parahatçylygy hem-de ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak ähli ýurtlaryň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini we rowaçlygyny hem-de dünýä halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Açyk gapylar” syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar.

Türkmenistanyň we BMG-niň özara gatnaşyklarynyň, hyzmatdaşlygynyň netijeli tejribesi barha täze mazmuna eýe bolýar. Biziň ýurdumyzyň bilelikdäki taslamalarynyň we maksatnamalarynyň çäklerinde uzakmöhletleýin strategiki hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýada öwrülen esasy halkara konwensiýalaryna goşulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Geçen ýyllaryň içinde biziň döwletimiz iş ýüzünde öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerýändigini, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen ynamly gatnaşyklary ýola goýmak babatda çykyş edýändigini görkezdi.

 Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylmagy, bu abraýly guramanyň möhüm düzümlerine girmegi, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy halkara giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Bitarap Türkmen döwletiniň hukuk derejesi köp babatda häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini parahatçylykly ýollar hem-de syýasy-diplomatik serişdeler bilen çözmäge ýardam edýär.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary BMG-niň yglan eden 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda gün tertibiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Milli Liderimiziň energiýa howpsuzlygyny we turbageçiriji düzümiň ygtybarlylygyny üpjün etmek, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň halkara ulgamyny döretmek boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky möhüm teklipleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu başlangyçlar BMG-ä agza döwletleriň gyzgyn goldawyna we makullamagyna eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen berkidildi. Bu bolsa Milletler Bileleşiginiň derejesinde hemmetaraplaýyn gatnaşyklara möhüm itergi berdi.

 Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň hormatly Prezidentimiz bilen duşuşygy bu saparyň maksatnamasynyň esasy bölegi boldy. Ol Türkmenistanyň we BMG-niň çäklerinde strategiki hyzmatdaşlygyň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim bolar. Gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda gün tertibiniň maksatlaryny hem-de wezipelerini çözmekde bilelikdäki täze taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga kuwwatly itergi berer.

“Nesil” gazeti,

15.06.2017ý.

Meňzeş habarlar