HALKYŇ ABADANÇYLYGYNY ÜPJÜN ETMEK TÜRKMENISTANY MUNDAN BEÝLÄK-DE ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MAKSATNAMALARYŇ BAŞ MAKSADYDYR

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny hem-de maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamagy «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şu ýylda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm ädim boldy. Olaryň esasyny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen möhüm wezipeler düzýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň baş ugry bolan ykdysady ulgamdaky döwlet strategiýasy ylmy çemeleşmä, hojalygy başarjaňlyk bilen ýöretmäge, çaklamaga hem-de meýilnamalaşdyrmaga esaslanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän konsepsiýada ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek bazaryň hem-de döwlet kadalaşdyrylyşynyň gurallaryny netijeli utgaşdyrmagy, iň täze tehnologiýalary, innowasiýalary giňden ornaşdyrmagy, ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyny göz öňünde tutýar.

Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy barada aýdylanda, bu resminamanyň önümçilik we maliýe maksatnamalaryny, Döwlet býujetinde şu ýylda amala aşyrmak üçin bellenen çäreleri öz içine alýandygyny bellemek gerek. Şeýle hem bu resminama milli ykdysadyýetimiziň her bir pudagyny we sebitler boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri birleşdirýär. Şol wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegini we türkmenistanlylaryň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda ýaşaýyş jaý üpjünçiligini gowulandyrmak we durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak, raýatlarymyzyň iş üpjünçiligi ulgamyny kämilleşdirmek esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, zähmet gatnaşyklaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda kadalaşdyrmak, sebitlerde goşmaça iş orunlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň makroykdysady durnuklylygyny berkitmek we ykdysady kuwwatyny artdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegini çaltlandyrmak, maliýe bazaryny ösdürmek, pul serişdeleriniň gelmegi, gymmatly kagyzlaryň dolanyşygy ulgamyndaky işi kämilleşdirmek ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kuwwatyndan giňden peýdalanmaga, milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmaga, pudaklaryň we hyzmat ulgamlarynyň okgunly ösüşini üpjün etmäge, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga, innowasion senagaty ösdürmäge, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulgamynyň jemi içerki önümiň düzümindäki paýyny artdyrmaga, önümçiligiň we ylmyň özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berler.

2023-nji ýylda çig maly gaýtadan işlemek we taýýar önümleri öndürmek boýunça kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny doly işe girizmek, eksport ugurly toplumlaryň kuwwatyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň çykarylyşyny diwersifikasiýalaşdyrmak göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen baglylykda, innowasion tehnologiýalara daýanýan pudaklara maýa goýumlaryň artdyrylmagyna uly üns berler. Ýurdumyzyň geoykdysady we geosyýasy ýagdaýyndan peýdalanmak, ekologik abadançylygy goldamak hem-de “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek şu ýyl üçin göz öňünde tutulan işleriň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.

Döwletimiziň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygyň mümkinçiliklerini giňeltmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Şeýle-de ahalteke bedewleriniň we türkmen alabaýlarynyň sanyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berler.

Döwlete dahylsyz ulgamy goldamak we onuň ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmak, dürli pudaklarda kiçi we orta telekeçiligiň işiniň gerimini giňeltmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň we eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek öňde durýan işiň möhüm ähmiýetli ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet emläginiň netijeli dolandyrylmagyny üpjün etmek, bäsleşikli söwdalar arkaly döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini bellemek gerek.

Umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara we sebitara gatnaşyklaryň täze “Aşgabat görnüşi” esasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Şeýle hem ýurdumyzyň çäginden geçýän halkara üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça daşalýan ýükleriň möçberini we gatnadylýan ýolagçylaryň sanyny artdyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna üstünlikli ýetmek göz öňünde tutulýar.

Geljek ýyl üçin meýilnamalara her welaýatda erkin senagat-önümçilik, ykdysady zolaklary, sebitleriň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, söwda-hyzmat, ulag-logistika, obasenagat we toplumlaýyn erkin ykdysady zolaklary döretmek wezipeleri hem girizildi. Öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin Maksatnamada döwlet maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça anyk çäreleri amal etmek göz öňünde tutuldy.

Şu ýylda durmuş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek meýilleşdirildi. Hususan-da, ylym we bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, pudaklary ýokary hünärli hünärmenler bilen üpjün etmek, bu ugurdaky halkara işi, ilkinji nobatda, dünýä derejesindäki ylmy bilimleri ele alan hünärmenleri we alymlary taýýarlamak ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak babatda işler alnyp barlar. Şunuň bilen birlikde, ýokary netijeli we çagalar sportuny ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny berkitmek meýilleşdirilýär. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, eneleri we çagalary goramak meselelerine, keselleriň öňüni almak, bejermek çärelerini talabalaýyk geçirmäge, lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmäge hem-de derman senagatyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berler.

Medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek Maksatnamada möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Bu babatda milli senetleri, halyçylygy, aýdym-saz sungatyny ösdürmek we gadymdan gelýän milli mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak hem-de wagyz etmek, taryhy we medeni ýadygärlikleri dikeltmek, içerki we halkara syýahatçylyk ulgamynda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän işleri geçirmek boýunça wezipeler öňde goýuldy.

Maksatnamada şeýle hem ýurdumyzy şu ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň garaşylýan netijeleri getirilýär.

«Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy” barada aýdylanda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işini işjeňleşdirmäge aýratyn üns berýändigini nygtamak möhümdir. Maksatnamada bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek bu ugurda esasy wezipeleriň biri hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, gaýtadan işleýän we taýýar önümleri öndürýän senagat pudaklaryny okgunly ösdürmek üçin gönükdirilýän maýa serişdeleriniň möçberi artýar. Şonuň netijesinde daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberidir görnüşleri ep-esli köpelýär.

Türkmenistanda pudaklaýyn we düzümleýin özgertmeleri amala aşyrmak, işjeň maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek arkaly bäsdeşlige ukyply, ýokary netijeli maýa goýum ulgamyny döretmek resminamada esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Halkara standartlara laýyklykda, ýurdumyzyň kärhanalaryny tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýar. Munuň özi zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň maliýe çeşmelerini kämilleşdirmek, hususy kärhanalary we olaryň serişdelerini ýurdumyzyň düýpli gurluşyk ulgamyna durnukly çekmegi ýola goýmak, düýpli maýa goýumlaryň ykdysady taýdan netijeliligini üpjün etmek boýunça anyk işler meýilleşdirildi. Resminama laýyklykda, maliýe serişdelerini täze desgalary gurmaga, önümçilikleri giňeltmäge, kärhanalaryň durkuny täzelemäge, olary tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga gönükdirmek maksady bilen, maýa goýumlaryň tehnologik we sebit düzümini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berler.

Eýeçiligiň görnüşleri boýunça serişdeleriň paýlanylmagyny gowulandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl daşary ýurt maýa serişdeleri bilen bir hatarda, has ähmiýetli ulgamlarda türkmen telekeçileriniň maýa goýum serişdelerini ulanmak göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, maksatnamada ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny we welaýatlary ösdürmek, şol sanda bilelikdäki iri innowasion kärhanalary hem-de eksport ugurly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri gurmak, azyk üpjünçiligini gowulandyrmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleri maliýeleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Umuman, toplanan oňyn milli tejribä hem-de ägirt uly gazanylanlara daýanyp, ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de şu ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda kesgitlenen möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistanyň ösüş we rowaçlyk ýolunda nobatdaky möhüm ädimi ätjekdigini ynamly aýtmak bolar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär. Bu strategiýanyň esasy maksatlarynyň biri her bir türkmenistanlynyň bähbitlerini üpjün etmekden ybaratdyr.