KONFERENSIÝALAR LIGASYNYŇ 1/8 FINAL TAPGYRYNA BIJE ÇEKILDI

Şweýsariýanyň Nýon şäherinde Konferensiýalar ligasynyň 1/8 final tapgyryna bije çekildi. Bijä laýyklykda, aşakdaky jübütler çärýek final ýollammasy üçin özara güýç synanyşarlar:

  • «Aek Larnaka» — «West Hem»;
  • «Fiorentina» — «Siwasspor»;
  • «Lasio» — «AZ» Alkmar;
  • «Leh» — «Ýurgorden»;
  • «Bazel» — «Slowan»;
  • «Şerif» — «Nissa»;
  • «Anderleht» — «Wilýarreal»;
  • «Gent» — «Istanbul».

1/8 final tapgyrynyň deslapky oýunlary 9-njy martda, jogap duşuşyklary bolsa 16-njy martda geçiriler.

Tapgyrda ýeňiş gazanan 8 topar çärýek finalda oýnamaga hukuk gazanar. Ýeňlen klublar bolsa bu möwsümde Ýewrokuboklardaky ýörişlerini bes ederler.

Ýaryşyň çärýek we ýarym final tapgyrlaryna 17-nji martda bije çekiler.

Konferensiýalar ligasynyň finaly 7-nji maýda Çehiýanyň Praga şäherindäki «Eden Arena» stadionynda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, Konferensiýalar ligasynyň ýeňijisi, indiki möwsümde Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanar.