Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşi hem-de Zenanlar birleşigi we TKA-nyň Kaka etrap birleşmesi bilen bilelikde gurnamaklarynda.etrap medeniýet bölüminiň mejlisler jaýynda “Zenan gözelligi sözden başlanýar” diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Her bir mukaddes ojagyň eýesi boljak ýaş gyzlaryň päk ahlakly, lebzi halal, sada, gözel görkli zenanlar bolup ýetişmekleri baradaky pikirler duşuşykda edilen söhbetdeşligiň özenini düzdi. Duşuşyga etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işewür agzalary, mährem eneler, mekdepleriň mugallymlary, çagalar baglarynyň terbiýeçileri we ýetginjek gyzlaryň uly topary gatnaşdylar. Türkmen halky özüniň şeýle mertebeli zenanlarynyň bardygyna buýsanýar. Bu duşuşykda çykyş edenler Zenanlar birleşiginiň etrap guramasynyň başlygy A.Sapardurdyýewa, TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy B.Öwezow uly buýsanç bilen bellediler. Türkmen zenanlarynyň ahlak arassalygynyň, ruhy päkliginiň mizemezliginiň beýikligi hakynda nygtadylar. Ol günki ýygnanyşykda edilen çykyşlar özüniň täsirliligi bilen ýatda galyjy pursatlara öwrüldi.
Begli MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüm müdiri.