Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşi we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 19-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda “Iň eýjejik gyzjagaz – 2023” atly şadyýan bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi.
Ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilen bäsleşigiň bu gezekki etrap tapgyrynda höwesjeň, zehinli okuwçy ýaşlar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bu bäsleşikde kiçi ýaşly gyzjagazlaryň perzentlik borjy, Watana bolan söýgüsi, päk ahlaklylyk asyrlar boýy dowam edip gelýän asylly däplerimize, ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni, dost-doganlygy berkitmek, ula-kiçä sylag-hormat goýmak ýaly häsiýetleri ösdürmek göz öňünde tutuldy.
Bäsleşigiň şertlerine görä çykyş eden okuwçylar Mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dostlugy-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, türkmen milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmek hem-de ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler.
Şeýlelik-de bäsleşigiň etrap tapgyrynda etrabyň 19-njy orta mekdebiniň 4-nji „A“ synp okuwçysy Geldiýewa Aýlar öz başarjaňlygy bilen baýrakly birinji ornyň eýesi bolmagy başardy. Ikinji orna etrabyň 23-nji orta mekdebiniň 4-nji „A“ synp okuwçysy Seýitmuhammedowa Ogulşat, üçünji orna bolsa etrabyň 17-nji orta mekdebiniň 2-nji „E“ synp okuwçysy Geldimyradowa Medine degişlilikde mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary we bäsleşige gatnaşan beýleki gyzjagazlara hem höweslendiriji sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Täjinar SAPAROWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Babadaýhan etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.