2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda sagat 11:00-da Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
30-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary hem-de milli egin-eşikleri şahyrana sözleriň üsti bilen beýan etmek, ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işlerini ýerine ýetirmek boýunça çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Bäsleşikde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasyndaky 10-njy orta mekdebiniň 2-nji «A» synp okuwçysy Rejepowa Ogulhajat 1-nji orna hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäherindäki 28-nji orta mekdebiniň 3-nji «Ä» synp okuwçysy Atadowa Güljan 2-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň adyndan hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Bäherden etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.