ÝAŞLARYŇ ÝÜREKLERINI JOŞDURAN NEŞIR

Okamak — bu ynsana berlen iň uly artykmaçlyklaryň biri bolsa gerek. Okamaga höwesi bolan, okamagy gündelik durmuşynda adat edinen her ynsan çeper eserler, ylmy-publisistik kitaplar bilen çäklenmän, ol her günki metbugat neşirleri bilen elmydama tanşyp döwrüň sesini duýup ýaşaýar. Islendik ýaşdaky, islendik kärdäki adamyň özüne ýakyn görüp okaýan gazetdir žurnallary bolýar. Aýdaly, kiçi ýaşly çagalar «Güneş» žurnalyna garaşsa bilim işgärleri «Mugallymlar» gazetine we «Bilim» žurnalynyň her gezekki neşirine garaşýarlar, elbetde biz ýaş öý bikeleri bolsa «Zenan kalby» žurnalynyň her aýky sanyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Emma 2023-nji ýylyň ýanwaryndaky neşirler adatdakylardan üýtgeşik boldy. Ilkinji sahypasynda «Arkadagdan arkaly biz» atly makalasynda «Buşluk! «Arkadagly Ýaşlar» atly aýda bir gezek neşir edilýän elektron žurnalyň ilkinji sany okyjylara gowuşdy.» diýen setirler bilen başlaýan «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalyň ilkinji sanyny okamak metbugat neşirlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýan bagtyýar türkmen ýaşlarynyň başyny göge ýetirdi. Has dogrusy bu elektron žurnalynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda esaslandyrylmagy we «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» çapdan çykarylmagynda aýratyn uly many bar.

Ýurdumyzda ýaşlaryň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, işjeň hünärmenler bolup ýetişmekleri üçi ägirt uly işler amal edilýär. Täze cagalar baglarydyr mekdepler, elektron kitaphanalar, ähli mümkinçilikleri bolan ýokary okuw jaýlary munuň aýdyň mysalydyr. «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnaly hem ýaşlar üçin döredilen uly mümkinçilikleriniň biri boldy.  Žurnalda çap edilýän her bir peýdaly maslahatlary, halypalaryň pentlerini  ýaşlar öz bilim tejribelerini artdyrmakda ulanyp bilerler. Döwürdeş şahyrlarymyzyň şygyrlaryny okap, gadymdan gelýän edim-gylymlary, döwrüň täzeliklerini, dil öwrenmekligiň inçe ýollaryny, sanly ulgamyň mümkinçilikleri we maşgala gatnaşyklarynyň berkligini öwrenip bilerler we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň geçirýän we yglan eden bäsleşiklerinden habarly bolarlar. Mundan başga-da žurnalda ýaşlar «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» esasynda geçirilýän dabaraly maslahatlary, gepleşikleri öz makalalarydyr şygyrlary bilen ýaýbaňlandyryp bilerler.

Arkadagly Serdarymyz: «Ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjidir, nurana gelejegidir» diýip belleýär. Nesip bolsa, biz ýaşlar hem şular ýaly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ynamyny ödäris diýip söz berýäris. Goý, biz ýaşlaryň kalbymyzy joşdurýan, ýurdumyzy ynam bilen ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, umumyadamzat bähbitli işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris.

 

Tawus BERDIÝEWA,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýaşaýjysy,

TMÝG-niň etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA