SAHNADA MERDANA NESILLER

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen ýurdumyzyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guramagynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 3—5-nji synp okuwçy oglanlarynyň arasynda yglan edilen «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşigiň Ahal welaýatynyň Tejen etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi we etrap bilim bölümi tarapyndan etrabyň Medeniýet öýünde geçirilen bäsleşige etrabyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylary uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Sahnany bagtyýar çagalaryň bäsleşigiň şertleri esasyndaky çykyşlary bezedi. Olar türkmen halkyna mahsus merdanalygy, watansöýüjiligi, hem-de ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Olaryň ýerine ýetiren degişme sahnasy hem gyzgyn garşylandy.

Bäsleşik zehinleri öňe saýlady. Şeýlelikde etrabyň 9-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Gurbandurdy Gurbandurdyýew birinji, 33-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Agajan Yslamberdiýew ikinji, 28-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Aly Geldimyradow üçünji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

19 Noýabr 2025 | 6 okalan

ŞATLYKLY PURSADYŇ ŞANYNA

19 Noýabr 2025 | 9 okalan

SAHNADA MERDANA NESILLER