Şu günler ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 3—5-nji synp okuwçy oglanlarynyň arasynda yglan edilen «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşigiň etrap tapgyrlary Ahal welaýatynda hem üstünlikli geçirilýär. Bäsleşigiň Kaka etrap tapgyry etrabyň 17-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan guramaçylykly geçirilip, oňa etrabyň dürli mekdeplerinden öňe saýlanan okuwçy oglanlar gatnaşdylar.
Bäsleşikde okuwçy oglanlar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler, türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgüsini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzyň ýetilen üstünliklerini, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler, şorta sözleri ýerine ýetirdiler.
Aýdym-saz sungatyna höwesli, zehinli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe bolan bäsleşigiň dowamynda ýeňijiler kesgitlenildi. Şunlukda, «Merdana nesil — 2025» bäsleşiginiň etrap tapgyrynda 10-njy orta mekdebiň okuwçysy Ýusup Atajanow birinji, 18-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýhan Esenow ikinji, 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Seýran Nurýagdyýew üçünji orny eýelediler. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Begenç ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.












