Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3—5-nji synplarynda okaýan oglanlaryň arasynda yglan eden «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watansöýüji, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir» diýen sözlerinden ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen bäsleşik örän täsirli boldy. Şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyrynyň netijesinde etrabyň 4-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Söhbet Orazçaryýew I orna, 5-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Umyt Altyýew II orna mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijileri sowgatlar hem-de Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Oguljennet GURBANMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.












