ŞATLYKLY PURSADYŇ ŞANYNA

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününiň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna Ahal welaýatyndan mynasyp bolan ýaşlaryň gatnaşmagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýaşlaryň jemgyýetdäki orny dogrusynda gürrüň edildi. Berkarar Watanymyzda işjeň durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ýaşlaryň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri barada aýdylanlar has-da täsirli boldy.

Söhbetdeşlige gatnaşan bagtyýar ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolandyklary bilen baglanyşykly ýürek buýsanjyny beýan edip, döwrebap bilim almaga, hünär öwrenmäge, netijeli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Röwşen MAKSATMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

19 Noýabr 2025 | 7 okalan

ŞATLYKLY PURSADYŇ ŞANYNA

19 Noýabr 2025 | 9 okalan

SAHNADA MERDANA NESILLER