ÝAŞLAR – RÖWŞEN GELJEGIMIZ

Şeýle at bilen Sarahs etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň mejlisler wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrap prokuraturasynyň, etrap Geňeşiniň, etrap polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda bolan duşuşykda ýaşlaryň arasyndaky sagdyn durmuş ýörelgelerini, milli ýol-ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady edinildi.

Duşuşykdaky çykyşlarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýyndan gelip çykýan wezipeleriniň üstünde aýratyn durlup geçildi hem-de berkarar Watanymyzda ýaşlaryň ählitaraplaýyn üns-alada bilen gurşalandy bellenildi. Häzirki eşretli döwrümiziň gadyr-gymmaty, watansöýüjilik, sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly aýdylanlar ýaşlarda uly täsirleri galdyrdy.

 

Tumar JUMAÝEWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

19 Sentýabr 2025 | 65 okalan

WAGYZ-NESIHAT MASLAHATY GEÇIRILDI

18 Sentýabr 2025 | 123 okalan

GARAŞSYZLYK — BAGTYMYZ