SPORT-SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň, hem-de iri jemgyýetçilik  guramalarynyň  bilelikde Tejen etrap Sport we ýaşlar syýasaty bölüminde zähmet çekýän tälimçi mugallymlarynyň arasynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimizi ylymly-bilimli edip terbiýelemek bilen bir hatarda, olaryň berk bedenli, boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmagyny, olaryň bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýüze çykýan nogsanlyklaryň öňüni almak maksady bilen ýaş nesliň arasynda “Sport-sagdynlygyň gözbaşy” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Arkadagly Serdarymyzyň sporty we bedenterbiye hereketini ömrüňi uzaldýan we ruhuňy tazeleýän yörelge hökmünde häsiýetlendirýändigini, Şu nukdaýnazardan soňky ýyllarda Türkmenistanda milli sport hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe dünýä derejesinde ösdürilýändigini. Şeýle hem sporty, sagdyn durmuşy wagyz etmek, beden we ruhy taýdan kamil nesilleri ýetişdirmek, olimpiýa hereketine giň ýol açmak, kämil türgenleri dünýä ýaryşlaryna taýýarlamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenilýändigini hemde Milli aýratynlyklaryny häzirki zaman dünýäsiniň döredijilik, sport, ösüş belentliklerine gönükdirýän ýurdumyzyň ählitaraplaýyn täzelenýändigi hemmeleri guwandyrýandygyny belläp geçdiler.

Çykyş edenler Bagtyýar raýatlarymyzyň saglygy babatda aladany ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginlerde ösdürmegiň ilkinji şertleriniň biri hökmünde ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlaryň sag, döwletli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Kakamyrat NURBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň  esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA