GUDRATLY GÖZELLIK BATHYZDA

Ýaz paslynyň gelmegi bilen Türkmen tebigaty ýatdan çykmajak gözellige beslenýär. Tebigatyň janlanmagy köňlüňi heýjana getrip, kalbyňy joşdurýar. Şol gözellikleriň biri hem Bathyz gözelligidir. Bathyz goraghanasy 87680 gektar meýdany eýeläp, şonuň ýalyda ol üç bölekden Çemenibit, pulhatyn , gyzyljar bolup, ol öz gözelligi , dürli haýwanlary , pisse tokaýlygy , gaýtalanmajak gözelligi bilen göreni haýrana goýýar. Adyndan belli bolşy ýaly Bathyz diýmegiň manysy hemişe salkyn şemalyň öwsüp durmagy bilen bagly bolup, öwüsýän salkyn şemal göwnüňi has-da belende göterýär. Goraghanada dürli haýwanlara duş gelmek bolýar. Ýagny Türkmenistanyň gyzyl kitabyna giren Jerenlere, Marallara, dürli guşlara käkiliklere şeýle hem gulandyr, dag goçlaryna we başga-da birnäçe dürli görnüşli jandarlary daşyndan synlamak has-da lezzet paýlaýar.

Bulardan başga-da Türkmenistanyň gyzyl kitabyna giren dürli dermanlyk ösümlikleri we bahar paslynda janlanýan göwnüňi göge göterýän dürli öwüşgünli gülleri göreniňde olaryň hoşboý ysyna ynsan kalbyň joşa gelýär. Megerem adam durmuşda şeýle gözelliklerden ylham alyp, döredijilikli bolmaga çemeli. Bathyz goraghanasynyň aýratyn haýran galdyryjy gözelligi hem pisse tokaýlygydyr. Dürli ýaşdaky pisseleriň emeli däl-de tebigy taýdan bitmegi elbetde bir gudratdyr. Agaçlar biri-birinden has açyklykda ösüp, olaryň şahalary beýlekileriňki bilen galtaşmaýalar. Alymlaryň çaklamalaryna görä pisse agajy üç ýüz ýyla çenli ýaşap bilýär. Pisse agajy diňe özüniň täsinligi bilen çäklenmän eýsem derman hökmünde hem ulanylýar. Onuň düzüminde ýag we esasy beloklar köpdür. Pissäniň agajy boýag reňkleýji serişde hökmünde hem ulanylýar. Pisse tokaýlygy ýapgyt gerişli baýyrlary, jülge şekilli pisselikleri bolan çöllük sähra onlarça kilometre uzalyp gidýär. Bu ýerde göýä tupan sowulan badyna doňup galan äpet ýer ummany sähralar we dag baýyrlary bathyzyň ýer üstüniň esasy keşbini döredýär. Şeýle hem ýer oýlan duz ady bilen belli bolan akymsyz çöketlik aklyňy haýrana goýýar. Çaklamalara görä çöketligiň 500 metr çuňlugy bolup, meýdany 300 km barabardyr. Çöketligi irden günüň şöhlesiniň düşýän wagty synlanyňda göýä özüňi ertekilerdäki ýaly duýýarsyň. Uly bomadyk depeler enaýy görnüşde nahar duzy bilen şor kölüň kenarynda seleňläp gurak döwür bolsa şorluga öwrülýärler. Bu ýerdäki çöketligiň ýapgytlaryndaky kert oýulan ýerleri göreniňde türkmen tebigatynyň hakykatdan-da täsin ýerleriniň bardygyny görýärsiň. Şeýle gözelliklerden ylham alyp, janly tebigatyň döredýän gudratyny ýakyndan synlamak ynsan durmuşynda has hem täsirli bolýar.

 

Arzgül MYRADOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA