Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ruhy ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli, durmuşa ukypy bolup ýetişmekleri üçin zerur şertler döredilýär. Bu günki günde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň hem-de iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Tejen etrabynyň 41-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçylarynyň arasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly-bagtyýar ýaşlar” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň “Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir” diýen sözünden ugur alyp, Türkmenistanda ýaşlar barada Döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşini ýaşlara ýetirmek, ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri şeýle hem okuwçylar gatnaşdy. Duşuşykda iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, öz çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty barada ýaşlarymyza giňişleýin beýan edip, ýaşlarymyz üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Röwşen HOJAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.