Üýtgeşik tagamy, hoşboý ysy we saglyga uly peýdasy bolan limon miwesi, esasan hem, gyş aýlary adamlar tarapyndan iň köp bildirýän miwelerdir. Onuň düzüminde ynsan saglygyna peýdaly bolan sanly witaminleri, minerallary we beýleki ýokumly maddalary saklaýar. Limon miwesiniň düzüminde saklanýan C witamini (askorbin turşusy) diňe bir immun ulgamyny ýokarlandyrman , eýsem bedeniň öýjüklerini daşky gurşawyň ýaramaz täsirinden goraýar we bedeniň wagtyndan öň garramagyň önüni alýar. Limon adamlar tarpyndan dümew keselini bejermekde we önüni almakda iň köp ulanylýan miwe bolup, askorbin turşusuna baýdyr. Bu miwäniň işdäni açyjy, bedenden zäherli maddalary çykaryjy, madda çalşygy güýçlendiriji häsiýeti bar. Limonyň ysy bolsa adamy rahatlandyrýar we ýadawlygy aýyrmaga ýardam berýär. Limony ary bal bilen bilelikde ulanylanda peýdaly täsiri has hem ýokarlanýar.
Begenç ÖWEZOW,
TMÝG-niň Kaka etrap
Geňeşiniň başlygy.