BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi we etrabyň Jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda “Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary” ady bilen hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahatda, çykyş edenler 2023-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda gözel paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýyň ähmiýeti dogrusynda bellediler.

Nobatdaky gurultaýyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň döwrebap bilimli, aň-düşünjeli bolup, ruhy-ahlak we beden taýdan sagdyn ýetişmekleri baradaky meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň beýik özgertmeler ýoly bilen öňe gitmegini hut ýaşlar bilen baglanyşdyrýar. Öňde goýlan beýik maksatlara ýetmekde ýaş türkmenistanlylara uly orun degişlidir. Gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini hem-de döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek we beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu Jemgyýetçilik guramasynyň Tertipnamasyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden gelip çykýan wezipeleri, hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Liderimiziň ýaşlaryň öňünde goýan wezipelerini göz öňünde tutýar diýip bellediler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň bagtyýar geljegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömriniň uzak,  il- ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Begli MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA