ÝAŞLAR BEÝIK GELJEGIMIZI GURUJYLARDYR

Ýaňy ýakynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň hem-de iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Tejen etrabynyň takyk dersleri çuňlaşdyryp öwredýän 42-nji orta mekdebinde okaýan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda “Ýaşlar beýik geljegimizi gurujylardyr” diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Çykyş edenler nobatdaky gurultaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek meseleleri hem-de degişli kararnama kabul edilendigi dogrusynda belläp geçdiler, şeýle hem Döwlet baştutanymyz ýaşlar baradaky aladany elmydama aýratyn üns merkezinde saklap, ýaşlarymyza uly ynam bildirýändigini aýdylyp, bu ynama  Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary ýurdymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň röwşen geljegimiz üçin amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmaga çalyşmalydyklary barada giňişleýin gürrüň edildi.  Duşuşygyň ahyrynda bolsa biz ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýän, biz ýaşlar üçin  atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Aşyrberdi AÝDOGDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA