“SAGDYN MAŞGALA-SAGDYN NESIL” ATLY MAŞGALA SPORT BÄSLEŞIGI

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen maşgalasynyň beden saglygyny we bitewiligini gazanmak, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek maksady bilen, welaýatymyzyň çäginde ýaşaýan köp çagaly maşgalalaryň arasynda “Sagdyn maşgala-sagdyn nesil” atly maşgala sport bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki sport mekdebinde ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalary bu çärä işjeň gatnaşdylar. Bu sport ýaryşyna Ahal welaýatynyň etraplaryndan köp çagaly agzybir maşgalalar özara bäsleşdiler. Ýaryş örän gyzykly we çekeleşikli boldy. Ýaryşda Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndan gatnaşan maşgalalar 1-nji orna, Gökdepe etrabyndan gatnaşan maşgalalar 2-nji orna, Ak bugdaý etrabyndan gatnaşan maşgalalar 3-nji orna mynasyp boldylar. Ýaryşyň ýeňijilerine we gatnaşanlara welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Ýaryşa gatnaşýan köpçagaly maşgalalar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny beýan edip alkyşlaryny aýtdylar.

 

Güljemal ATDAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA