BERKARAR DÖWLETIŇ-BAGTYÝAR ZENANLARY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda arzuwlaryň hasyl maksatlaryň myrat bolýan ýurdy bolan güneşli diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde bahar buşlukçysy bolup 8-nji mart Halkara zenanlar güni ýetip geldi. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli dürli çäreler geçirilýär. Eneler-mamalar, gelin-gyzlar dünýäniň bezegi, eneler mähir ummany, eneleriň şirin hüwdüleri bilen dünýäde gowylygyň höküm sürýändigini kalbymyza guýýarlar, eneleriň her bir sözi biz ýaşlar üçin terbiýe mekdebidir. Milli Liderimiziň «Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserindäki «Eneler iliň bagtynyň arzuwynda bolup, abatlyk arzuwlary bilen dünýäni ýaşadýarlar» diýen dürdäne setirleri kalbyňa nur bolup dolýar. Ýaňy ýakynda 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli “Berkarar döwletiň-bagtyýar zenanlary!” diýen at bilen  Babadaýhan etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Babadaýhan etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Babadaýhan şäheriniň ýaşaýjysy bolan Mawyýewalaryň maşgalasynda ýagny 94 ýaşly Hurmagözel daýzanyň öýinde gyzykly söhbetdeşlik geçirildi. 9 çaganyň 48 agtygyň 80 çowlugyň 2 ýuwlugyň enesi, maşgalabaşysy Hurmagözel daýzanyň maşgalasy  bilen bilelikde bereketli toý saçagynyň başynda gyzykly gürrüňler edildi. Hurmagözel daýza we onuň maşgalasyna 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Pursatdan peýdalanyp Mährem ene Ýurdumyzyň ähli zenanlaryny Ýetip gelen 8-nji mart Halkara zenanlar güni bilen ene ýüreginden gyzgyn gutlady we ähli zenanlarmyzyň jan-saglygyny, işlerinde üstünlik, maşgalalarynda agzybirlik arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Hurmagözel daýza şular ýaly ajaýyp döwürde ýaşadýan, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, şeýle hem peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza ene ýüreginden  janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak, il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan uly tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

 

Täjinar ALLANUROWA,

TMÝG-niň Babadaýhan

etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA