Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň bilelikde guramagynda Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi.
Ýaş nesliň ýangyn howpy boýunça düşünjelerini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige merkezde dynç alýan çagalar höwesli gatnaşdylar. Bäsleşigiň çäginde çagalara ýangyn söndüriji enjamlaryň doly we dogry ulanylyşy öwredildi, ýangyn howpy dogrusynda giňişleýin düşünje berildi.
Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň ýörite bellenen giň çäginde ýangyn-amaly sporty boýunça guralan bäsleşige gatnaşan toparlar degişli aralyklardaky päsgelçiliklerden geçmek we ýanyp duran ody öçürmek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Kaka etrap Geňeşleriniň sowgatlary gowşuryldy.
Begenç ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.