ŞADYÝAN TOMUS — BAGTYÝAR ÇAGALYK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hem-de Ak bugdaý etrap polisiýa bölüminiň bilelikdäki meýilnamasy esasynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar dynç alyş we sagaldeş merkezinde «Şadyýan tomus — bagtyýar çagalyk» ady bilen sport ýaryşlary geçirildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ýaryşa merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalardan düzülen toparlar gatnaşyp, tanap çekmekde we ýeňil atletikada erjelligini görkezdiler.

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sport-sagaldyş hereketini ösdürmek ugrundaky tagallalardan ugur alnyp geçirilen ýaryş çagalaryň sporta we sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan höwesini, ýeňşe bolan hyjuwyny aýdyň ýüze çykardy. Turuwbaşdan ruhubelentlige beslenen ýaryşda tanap çekmekde «Laçyn» topary, ýeňil atletikada «Şir» topary üstün çykdylar.

Sport ýaryşlarynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Maýsa MYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Awgust 2025 | 57 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

22 Awgust 2025 | 108 okalan

MILLI MIRASYM — EBEDI MIRASYM