TÄZE KITAPLARYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrap hassahanasynyň mejlisler jaýynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleriniň üstüni ýetiren täze kitaplarynyň baý many-mazmuny barada gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň nobatdaky jildi «Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy» hem-de «Maglumatnama» diýen iki bölümden ybarat bolup, onda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan dermanlyk ösümlikleriň 107-si barada doly we düýpli maglumatlar berilýär. «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby bolsa, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilen işleriň beýanydyr. Bu kitaplar giň jemgyýetçilik, şol sanda saglygy goraýyş işgärleri üçin bahasyz gollanma bolup hyzmat edýär.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar halkymyza sowgat eden täze kitaplary üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna çäksiz alkyş aýtdylar hem-de hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzy gülledip ösdürmek, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Täjinar ALLANUROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Oktýabr 2025 | 21 okalan

TÄZE KITAPLARYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

15 Oktýabr 2025 | 38 okalan

SÖHBETDEŞLIK RUHUBELENTLIKDE GEÇDI