Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Söhbetdeşlikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň uludan toýlanjakdygy barada aýdylyp, bu senäniň giňden bellenip geçilmeginiň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, abraýly sebit we halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygy buýsanç bilen nygtaldy.
Täsirli geçen söhbetdeşlige gatnaşan ýaşlar şeýle bagtyýar döwri peşgeş berip, Diýarymyzy bagtyýarlygyň, abadançylygyň, dost-doganlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Oguloraz NYÝAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.