ETRABARA KÖPUGURLY HASSAHANANYŇ GURLUŞYGYNA BADALGA BERILDI

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň düýbüniň tutulmagy Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň dabaralaryna baý öwüşgin berdi. Täze hassahananyň gurluşygyna girişilmegi mynasybetli geçirilen dabara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat hem-de Tejen etrap Geňeşleriniň wekilleri hem uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Dabarada ajaýyp wakanyň şanyna gutlaglar we ýagşy arzuwlar aýdyldy, aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Toý meýdançasyna ýygnananlar raýatlaryň saglygy hakda edýän bimöçber aladalary üçin hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Täze guruljak hassahananyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barlar. Hassahananyň 300 orunlyk esasy binasy bäş gatdan ybarat bolar. Galyberse-de, ol ýerde ýöriteleşdirilen binalardyr kömekçi desgalaryň birnäçesi gurlar. Binalaryň ählisine döwrebap enjamlar ýerleşdiriler.

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar