AWAZA — SYÝAHATÇYLYK MERJENI

Hazar deňziniň türkmen kenarynda kemala gelen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ildeşlerimiziň söýgüsini gazanan täsin künjekdir. Geçen gysga taryhy döwrüň dowamynda Diýarymyzyň bu gözel ýeri düýpgöter özgerdi. Ol ýerde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bina edilen degişli düzümiň desgalary özboluşly binagärlik keşbi bilen akylyňy haýrana goýýar. Ençeme kaşaň myhmanhanalar, sagaldyş merkezleri, «Ak ýelken», «Tolkun» kottejler toplumlary, «Älemgoşar», «Deňiz merjeni», «Jadyly kenar» ýaly attraksionlar seýilgähleri, «Awaza» söwda merkezi, «Awaza» sport toplumy, «Ýelken» we «Tolkun» ýaht-klublary hem-de beýleki desgalar Awazanyň görküni artdyrýar.

Tomsuň häzirki günlerinde syýahatçylyk zolagynyň mähellesi ýetik. Zähmet rugsadyna çykan ildeşlerimiziň uly topary bu ýerde dynç alyp, saglygyny berkidýär, onuň sagaldyş mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýar. Bu gözel künjekde maşgala dynç alşy üçin ajaýyp şertler bar. Awazany syýahatçylyk merjenine öwrendigi, halkymyzyň saglygy we bagtyýarlygy ugrunda uly alada edip, bu ugurda ajaýyp işleri durmuşa geçirýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Döwran NOWRUZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

07 Iýul 2025 | 4 okalan

AWAZA — SYÝAHATÇYLYK MERJENI

03 Iýul 2025 | 38 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI