Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň sport meýdançasynda woleýbol ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň hem-de agzalan müdirliginiň ilkinji ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda geçen woleýbol ýaryşyna ýaş işçi-hünärmenlerden düzülen toparlar gatnaşdy. Zähmetkeş ýaşlaryň sport ussatlygyny we sporta bolan höwesini ýokarlandyrmak, olaryň sagdyn durmuş höwesini ýokarlandyrmak, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermeklerini gazanmak maksady bilen guralan ýaryş çekeleşikli boldy. Şol duşuşyklaryň netijesinde «Ruhubelent ýaşlar» topary birinji, «Berkarar» topary ikinji, «Galkynyş» topary üçünji orunlary eýelemegi başardy. Ýeňiji toparlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Batyr NARYÝEW,
Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndaky
«Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň
ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.