Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde Medeniýet hepdeliginiň çäginde çäreleriň birnäçesi geçirildi. Oba medeniýet öýleriniň işini kämilleşdirmek bilen bagly geçirilen usuly maslahat netijeliligi bilen tapawutlandy.
Diýarymyzyň dürli ýerlerinden oba medeniýet öýleriniň wekillerini bir ýere jemläp usuly maslahatda resminamalar dolanyşygynyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmak, tans we folklor sungatynyň gadymy nusgalaryny dikeltmek boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň ýollary barada täsirli gürrüň edildi, özara pikir we tejribeler alşyldy.
Usuly maslahata gatnaşanlar usuly gollanmalaryň we milli el işleriniň sergisine hem uly gyzyklanma bildirdiler. Tans we folklor sungaty boýunça ýerine ýetirilen görkezme çykyşlar bolsa, bu çärä özboluşly toý öwüşginini çaýdy. Oňa gatnaşanlar aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde, milli mirasymyza aýawly garamakda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Mesgengylyç NURGYLYJOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.