ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk»  teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda Gökdere jülgesindäki «Nesil»  çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Kim çalasyn?!» ady bilen sportuň hereketli oýunlar görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Tomus paslynyň häzirki günlerinde merkezde dynç alýan çagalaryň wagtynyň şatlykly we netijeli geçirmegini, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen guralan ýaryşa çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar bäsleşigiň şertleri esasyndaky çykyşlarynda sporta bolan söýgüsini, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerini, erjelligini ýüze çykardylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda «Ruhubelent» topary ýeňiş gazandy. Ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

Annamuhammet GULOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 8 okalan

ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER

09 Iýul 2025 | 7 okalan

ÝARYŞ GÜÝÇLÜLERI SAÝLADY