Watanymyzyň zähmetsöýer gallaçylarynyň 1 million tonna guşgursak ak bugdaýy taýýarlap, arzyly pellehana golaýlandygy hakdaky şatlykly habar ildeşlerimizi örän begendirdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dänäniň 1 million 400 tonnasyny öndürmegi maksat edinen ak ekin ussatlarymyzyň azabynyň ýerine düşýändigine ýetilen sepgit hem äşgär edýär.
Halkymyz «Gallam bar — tyllam bar» diýýär. Oba hojalygynyň gallaçylyk ugruna aýratyn ähmiýet berilmegi hem ýönelige däl. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösüşiň täze derejelerine çykarmak, gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda taýsyz tagalla edýär. Bu babatdaky tagallalaryň netijesinde gallaçy daýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti bilen ýylyň-ýylyna sahawatly toprakdan ak bugdaýyň bol hasyly alynýar.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň uludan baýram ediljek ýylynda ýetişdirilen bol bugdaý hasyly halkymyzyň mukaddes saçagynyň bereketine bereket goşar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň pugtalanmagy, daýhanlarymyzyň netijeli işlemegi we päk zähmetiniň hözirini görüp ýaşamagy babatynda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Annadurdy WALLAKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň baş hünärmeni.