KEREMDIR, EDEPDIR ZENANLAŇ ASLY, DÜNÝÄDE ÝAŇLANSYN GYZ-GELIN WASPY

Gözellik, salyhatlylyk, edeplilik, wepalylyk, kanagatlylyk türkmen zenanlaryna mahsus bolan häsiýetlerdir. Müňýyllyklardan miras bolup galan milli däp-dessurlarymyzy dowam etdirmekde we ösdürmekde hem zenanlarymyzyň tutýan orny belentdir. Kümüş saçly enelerimiz, ajaýyp gelin-gyzlarymyz ýurdumyzda geçirilýän toý-dabaralaryň bezegidir. Olar jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşyp, özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezýärler. Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen zenanlara uly hormat-sarpa goýulýar. Döwletimizde kabul edilýän giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, ösüp gelýän neslimizi milli däp-dessurlarymyzyň we ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň, maşgala mukaddesliklerimiziň ruhunda terbiýelemekde, jemgyýetimiziň jebisligini pugtalandyrmakda zenanlarymyzyň ägirt uly hyzmatlary bar. Şonuň üçin hem bahar paslynyň ilkinji günlerinde bütin dünýäde giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni biziň Garaşsyz, hemişelik bitarap Türkmenistan döwletimizde aýratyn ähmiýete beslenip bellenilýär. Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän gelin-gyzlarymyza, ene-mamalarymyza, okuwçy gyzlarymyza, çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeje gyzjagazlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgady gowşurylýar.

2023-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi Kerki etrap häkimliginiň hünär tehniki okuw mekdebinde okaýan talyplaryň arasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Keremdir, edepdir zenanlaň asly, dünýäde ýaňlansyn gyz-gelin waspy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, TGÝMJ-niň Kerki etrabyndaky wekili Ý.Ýoldaşowa, Kerki etrap häkimliginiň hünär tehniki okuw mekdebiniň mugallymy L.Haitowa dagylar çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler zenan mertebesini belentde tutýan Arkadagly Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR