Düýn — 10-njy martda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň hem-de Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşlara gutlag» eseri — bagtyýar durmuşyň bagt mukamy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlary, bagtyýar talyplar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar köşgüň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri we ýeten sepgitleri, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplary, ýaşlarymyzyň dürli ugurlardaky ýeňişli ädimleri, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy giňden şöhlelendirildi.
Dabaraly maslahat Gahryman Arkadagymyzyň döreden «Ýaşlara gutlag» atly täze aýdymy bilen açyldy. Ony Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Amanlykow ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Maslahatyň gün tertibi boýunça çykyş edenleriň ählisiniň ýaşlardygyny bellemek gerek. Çykyş eden öňdebaryjy ýaşlar — ýaş şahyrlar, döredijilik işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň her bir ata-enäniň ýürek duýgusyny özünde jemleýän täze eseriniň ýurdumyzyň ýaşlaryny belent maksatlara ruhlandyrýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Täze eser bagtyýarlyga beslenip ýaşaýan halkymyz, aýratyn-da, bagtyýar ýaşlar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bellenilişi ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşl a r ýylynd a Mill i Liderimiziň ylhamyndan joşup çykan «Ýaşlara gutlag» atly täze aýdymy durmuş ýolunyň özboluşly senasydyr. Şoňa görä-de, aýdyma öwrülen bu ajaýyp setirler ýaşlaryň bagt toýlarynda belentden ýaňlanmaga mynasypdyr.
Maslahatyň dowamynda ýaş zehinli aýdymçylaryň Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerini, bagtyýar ýaşlygy, päk söýgini wasp edip ýerine ýetiren aýdym-sazlary ýüreklerden çykan ak alkyşlaryň ýaňyna öwrüldi.
Bu dabaraly maslahat türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşlara gutlag» atly täze aýdymyna buýsanjyň çuňňur beýany boldy. Oňa gatnaşyjylar häzirki döwürde ýaşlar, olaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyza, ýaşlara geljegi gurujylar hökmünde ýokary baha berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.