TÜRKMEN ALMASY

Bägüller maşgalasyna girýän bu miweli agaç diňe biziň ýurdumyzda ösüp, ol seýrek duş gelýän ösümlik hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Boýy 2-3 metre ýetýän bu agaç ýa-da gyrymsy agaç Gündogar, Merkezi we Günorta-Günbatar Köpetdagda duşýar. Türkmen almasy daglaryň tekiz belentliklerinde, jülgelerde, dag çeşmeleriniň hanalarynda bitýär. Bu agaç yssa, gurakçylyga çydamly. Köp sanly 600-e çenli kök ösüntgilerini emele getirýär. Bu agaç aprel-maý aýlarynda gülleýär, miweleri iýulda-awgusta bişýär. Ol 5-10 ýyldan soň miwe getirip başlaýar we 50-70 ýyla çenli ýaşaýar. Seýrek ösümlikleriň biri bolan türkmen almasy Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Botanika institutynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän ylymy-önümçilik tejribe merkezinde ýetişdirilýär. Olaryň bir böleginiň tohumlary we çybyklary dürli ýyllarda Köpetdagyň jülgelerinde getirilendir. Onuň nusgalary bu institutyň paýtagtymyzda ýerleşýän Botanika bagynda hem bardyr. Ol köpetdagyň we Sünt-Hasardag döwlet goraghanalarynda goralýar. Bu agajyň dag jülgelerinde çäkli goraghanalaryny döretmek boýunça çäreler geçirilýär. Onuň biologik aýratynlyklaryny öwrenmek, olaryň ýaş toparlaryna baglylykdaky düzümini anyklamak, seçgiçilikde ulanmak boýunça degişli işleriň geçirilmegine üns berilýär. Tebigy baýlyklarmyzyň biri bolan bu ösümlik türkmen topragynda bitýän seýrek ösümlikdir.

 

Begli MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA