ZENANLAR SAGDYNLYGY SAÝLAÝAR

Mähriban halkymyzyň ykbalyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyş döwrüniň özgertmeleriniň keremli güýji, rowaçlygyň, agzybirligiň güneş şuglasy bilen nurlandyran ajaýyp pursatlar il-günümiziň kalbyna Watana, eziz Arkadagymyza belent söýgi mukamy bolup siňýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bu gün il saglygyny, nesil saglygyny gorap saklamak, iň bir berk bedenli, syratly we gujurly ýaşlary ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz sportda zehinleri ýüze çykarmak, ussatlary ýaşlykdan terbiýelemek meselesine aýratyn üns berilýär. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen diňe bir ýurdumyzyň iri şäherlerinde däl, eýsem, etrap merkezlerinde obalarda we hem täze sport toplumlary, sport mekdepleri, beýleki sagaldyş desgalary gurup, ulanmaga berilýär. Munuň şeýledigine biziň etrabymyzyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirse bolýar. Biziň etrap sport mekdebi, TMÝG-niň etrap Geňeşi bilen bilelik-de 17-nji orta mekdebiniň sport zalynda küşt, şaşka boýunça geçen gyzykly ýaryşymyz hem muňa diňe bir mysaldyr. Geçirilen bu bäsleşige etrabymyzyň edara-kärhanalaryndan düzülen 12-syndan gelin-gyzlar höwes bilen gatnaşdylar. Bu şowhunly ýaryşda küşt, şaşka oýny boýunça ýaryşda Kaka etrabynyň Arapgala obasyndan düzülen Bägül toparlary 1-nji orna Kaka Dokma toplumynyň Gunça topary 2-nji orna Kaka “Serdar” pamyk egriji fabriginiň Laçyn topary bolsa 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.

 

Begli MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA