Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramaklarynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Bäherden etrabyndaky B.S.Türkmenbaşy adyndaky ýüplük fabriginiň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Halkymyzyň ykbalyna röwşen nuruny çaýýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda raýatlaryň bolelin durmuşda ýaşamagy, döwletiň halkara abraýynyň barha artmagy babatda taýsyz tagallalary edilýär. “Asuda öýüň duzy datly” diýlişi ýaly, gazanylan beýik ösüşler ýurdumyzda höküm sürýän abadançylygyň we asudalygyň netijesinde has-da halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmakda, ösüp gelýän ýaş nesliň beden taýdan sagdyn bolmagy ugrunda Hormatly Prezidentimiz uly işleri amala aşyrýandygy barada giňişleýin durup geçdiler. Soňra çykyş edenler Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Ata-babalarymyz ak ýürekli we halal zähmet çekip, halal ýaşamak barada bize köp sanly öwüt-ündewleri, nakyllary, pähimleri miras goýupdyrlar. Biz hem öz nobatymyzda halallygyň zähmetsöýerligiň nusgasy bolan pederlerimiziň mynasyp nesilleri bolmalydyrys diýip aýratyn hem durup geçdiler. Şeýle ajaýyp döwri, peşgeş beren Milli Liderimiz Gahryman Arkadygymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň
Bäherden etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.