Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulýar. Ýurdumyzyň her bir güni guwandyryjy we buýsanjydyr wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyp zamanada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşdir, özgerişlerini halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny, ruhy mirasyny wagyz etmek-de hem uly işler alnyp barylýar.
Halkymyzyň pähim paýhasyndan, eli çeper ene-mamalarymyzyň, gelin gyzlarymyzyň zehin yhlasyndan kemala gelen nepis halydyr, gül keçeler, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslar, inçelik bilen edilen el işleri hiç haçan bahasyny ýitirmejek milli gymmatlyklarymyzdyr. Gelin gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän el işleriniň ählisinde nepis sungat hasaplanylýar. Milli lybaslarymyzdaky her bir nagşymyz görenleri haýrana goýýar. Türkmen tebigatynyň gülünden, gunçasyndan nusga alnyp, döwrebaplaşdyryp döredilen nagyşlar bu günki gün milli lybaslarymyzy bezeýär. Keşdedir gaýmalar, halydyr palaslar, kilimler ýüreklerde baky orun alan gözellikdir.
Keşdeçilik sungaty milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däplerini özboluşlylygyny şöhlelendirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ene-mamalarymyzdan, pederlerimizden gaýtýan el işleri, milli gymmatlyklarymyz, däp dessurlarymyzy aýawly saklamak hem-de ýaş nesillerimize ýetirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara her bir berýän sargytlaryndan ugur alyp bu günki günde ýaşlarymyzyň watansöýüji, kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri hem-de pederlerimizden gaýtan milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýaş nesillere wagyz etmek hem-de ony aýawly saklamak maksady bilen, TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan gurnamagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýünde “Keşdeçilik sungaty milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi” ady bilen Medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda wagyz nesihat duşuşygy geçirildi.
M.GURDOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň
Umumy bölüminiň bölüminiň müdiri.